"Ulag Ýük Hyzmatlary" halkara ýük gatnawlar üçin sanly bazar bolup durýar.
Täze "Ulag Ýük Hyzmatlary" portaly ýük gatnadyjylary we müşderileri gözlemek üçin ýük gatnawlaryny gurnamak işini ýeňilleşdirýär, sargytlaryň ýerine ýetiriliş möhletini gysgaldýar we adaty operasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrýar.Saýt ýük gatnatmak bilen meşgullanýan kärhanalary we telekeçileri, ýük gatnawlary barada hem, ýük daşaýan transportlar barada hem hilli maglumat bilen üpjün edýär. Saýtda bellige durup ulanyjy islendik transport bilen ýük daşatmak barada ýüz tutup biler, ýük gatnadyjylar bolsa öz transport hyzmatlaryny yglan edip bilerler. Ekonomikanyň sanlaşdyrylmagy zamanynda, ""Ulag Ýük Hyzmatlary" bilen bile Digital-Logistika geçmek wagty geldi.
"Taksilerde ýolagçy gatnatmak"
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap ulag hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen, "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi tarapyndan taksilerde ýolagçy gatnatmak hyzmaty alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýat merkeziniň çäginde "Hyundai Elantra " kysymly taksi ulaglarynyň 10-sy hereket edýär. Günüň islendik wagty welaýat merkeziniň çäginde taksi ulagyndan peýdalanmak isleýän raýatlar "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigine ýüz tutup bilerler.
Habarlaşmak üçin
Telefon | Faks
800 52256575
E-mail
maryob@awtoulag.gov.tm
Habarlaşmak
745400 Mary ş, Ýeňişiň 50 ýyllygy köçesi, 54-nji jaýy
Ady
E-mail
Kärhana ady
Ýurdy
Mazmuny